Iň täze habarlar

E Ink noutbuklar üçin niýetlenen ekranly innowasion taçpady hödürledi

06.07.2025 | 15:40 |
 E Ink noutbuklar üçin niýetlenen ekranly innowasion taçpady hödürledi

E Ink kompaniýasy noutbuklar üçin möhüm bir innowasiýany — elektron syýa tehnologiýasyny ulanýan içine gurnalan ekranly sensor panelini hödürledi. Adaty çözgütlerden tapawutlylykda, bu täze işläp taýýarlama esasy displeýi gaýtalaman, AI-programmalary bilen işleşmek üçin aýratyn iş meýdany hökmünde niýetlenendir.

Bu taçpad ulanyjylara aşakdaky mümkinçilikleri berýär:

Emeli añ tarapyndan döredilen tekst jemlerini barmaklaryň aşagynda göni görmek;

Chat-botlar bilen penjireleriň arasynda geçmän arakesmesiz gepleşik alyp barmak.

Enjamyň esasy artykmaçlygy — onuň energiýa tygşytlaýjylygydyr. Elektron syýa diňe şekil täzelenende energiýa sarp edýär, bu bolsa ony energiýa sarp edýän AI-funksiýalary üçin birkemsiz edýär. E Ink bu çözgüdi köplenç doly işlemek üçin amatly bolmadyk kiçi LCD panellerine garanyňda has amatly alternatiw görnüşi diýip hasaplaýar.

Beýleki peýdaly aýratynlyklaryň arasynda:

• Köplenç ulanylýan klawiatura jemlerine çalt giriş;

• Bildirişleriň we howa maglumatyň görkezilmegi;

• Multimediýa dolandyryş elementleri;

• Wagtlaýyn iş panelleri bar.

Tehniki aýratynlyklar entek belli däl, ýöne E Ink bu tehnologiýanyň Intel bazaly kompýuterler bilen utgaşyklydygyny tassyklaýar. Bilermenleriň pikirine görä, bu çözgüt, aýratyn-da işewür ulanyjylar we tekstler hem-de neýron ulgamlary bilen işleşýänler üçin noutbuk interfeýslerine täsir edip biler.

Tehnologiýanyň indiki iki ýylyň dowamynda seriýa enjamlarynda peýda bolmagyna garaşylýar.

ORIENT

Foto: yankodesign

Şeýle hem okaň: