Iň täze habarlar

Çagalaryň ösüşini goldamak üçin ata-enelere kömek: Türkmenistanyň lukmanlary üçin okuwlar

06.07.2025 | 21:55 |
 Çagalaryň ösüşini goldamak üçin ata-enelere kömek: Türkmenistanyň lukmanlary üçin okuwlar

2025-nji ýylyň 3-4-nji iýulynda ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Aşgabadyň saglygy goraýyş işgärleri üçin çaganyň irki ösüşine gönükdirilen okuw seminlaryny geçirdi. Okuwlaryň maksady – lukmançylyk işgärleriniň ata-eneler bilen täsirli aragatnaşyk saklamak we hyzmatdaşlyk etmäge degişli endiklerini güýçlendirmekden ybarat boldy. Munuň arkaly ata-enelere çagalaryň idegi we terbiýesi boýunça öz wagtynda hem-de hünär taýdan goldaw bermek göz öňünde tutulýar.

Interaktiw sessiýalarda lukmanlar ata-eneler bilen hormat goýujy we goldaw beriji aragatnaşyk saklamagy öwrenip, maslahat bermek usullaryny ýola goýdular. Şeýle hem olar ata-eneleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çaganyň we ulylaryň arasynda ýüze çykýan duýgur we mähirli gatnaşyklar onuň ösüşine nähili täsir edýändigi barada hem gürrüň edildi.

06072025-trening-medrabotnikov-v-turkmenistane (2).JPG

Okuw maksatnamasy ýaş aýratynlygyna laýyk ideg, BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda çagalaryň iýmitlenmegi, çaganyň ösüşini gündelik hereketler arkaly yzarlamak ýaly esasy temalary öz içine aldy.

Şeýle-de, çaganyň dogluşyndan bäş ýaşa çenli ösüşine gözegçilik etmek üçin maşgalalara goldaw berjek ata-eneler üçin täze taýýarlanan gollanma bilen tanyşdyryldy. Lukmançylyk işgärleri ata-enelerden maglumat ýygnamak üçin olar bilen duşuşyklary geçirmegiň usullary, hem-de gollanmanyň durmuş hakykatyna we maşgalalaryň zerurlyklaryna laýyklykda uýgunlaşdyrylmagy barada pikir alyşdylar.

ÝUNISEF we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan geçirilýän şeýle okuwlar saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär hem-de Türkmenistanda her bir çaganyň ilkinji ýyllaryndan başlap sagdyn ösmegine, mähirli gurşawda ýaşamagyna hem-de onuň mümkinçilikleriniň doly açylmagyna şert döredýär.

06072025-trening-medrabotnikov-v-turkmenistane (3).JPG

Foto: ÝUNISEF

Şeýle hem okaň: