Iň täze habarlar

Aşgabatda geçirilen sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň resminamasy hökmünde neşir edildi

15.04.2025 | 10:00 |
 Aşgabatda geçirilen sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň resminamasy hökmünde neşir edildi

19-njy martda Aşgabatda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde neşir edilip, ýaýradyldy. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Resminama https://docs.un.org/A/79/828 salgy boýunça BMG-niň ähli alty sany resmi dilinde elýeterli bolup, ol gün tertibiň 14-nji (Gloabllaşma we özara baglanyşyk), 18-nji (Durnukly ösüş), 61-nji (Parahatçylyk döredijilik we parahatçlygy gorap saklamak) hem-de 64-nji (Adam serişdeleriniň ösmegine ýardam bermek) belgiler bilen ýaýradyldy.

Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegini göz öňünde tutmak bilen sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde ähmiýetiniň subutnamasy bolup durýar.

ORIENT news

Foto: un.mission.gov.tm

Şeýle hem okaň: