WIC 2025: Türkmenistan sanly goşulyşmak we tehnologiki parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydyr
14.04.2025 | 23:15 |14-nji aprelde Hytaýyň Gonkong şäherinde iki günlik Bütindünýä internet maslahatynyň Aziýa-Ýuwaş umman sammiti “Geljege itergi berýän sanly we intellektual integrasiýa – kiber giňişlikde umumy geljegiň jemgyýetini gurmak üçin bilelikde işlemek” atly tema bilen açyldy. Açylyş dabarasynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hudaýgulyýew Hajymyrat Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maglumat geçirişiniň howpsuz we yzygiderli ösmegini üpjün etmek üçin serhetüsti herehet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna umyt bildirdi.
Türkmenistan telekommunikasiýa infrastrukturasyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, döwlet dolandyryşyny sanlaşdyrmak we IT-bilimini höweslendirmek arkaly sanly özgerişler ýoly bilen öňe barýar. Ýurt optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna, 5G we emeli hemra aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşine maýa goýumlaryny dowam etdirýär.
“Sanly infrastruktura gymmatlyk däl-de, eýsem ýaşaýşyň kadaly derejesi bolmagy möhümdir” – diýip Hudaýgulyýew nygtady. Ol sebitde ilkinji akylly şäher – Arkadag şäheri barada gürrüň berdi. Bu şäher öňdebaryjy sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň işjeň ulanmagynyň aýdyň mysaly boldy.
Geografiki taýdan ýerleşişi sebäpli Türkmenistan Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň arasynda sanly ulag geçelgelerini ösdürmekde strategiki orna eýedir. “Biz Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnukly we howpsuz hereketi üpjün etmek üçin sebitleýin internet magistrallaryny we serhetüsti maglumat merkezlerini döretmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdary” – diýip, Hudaýgulyýew aýtdy.
Şeýle hem, ol sanly giňişligiň howpsuzlygynyň üstünde durup geçdi. “Habarlylygy ýokarlandyrmak we sanly gurşawda jogapkärli özüni alyp barşyny ösdürmek maksady bilen ähli ýaş toparlaryny öz içine alýan şahsy maglumatlaryň goralmagyny üpjün etmek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitdik, kiberhowpsuzlyk boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrdyk we sanly arassaçylyk boýunça bilim maksatnamalaryny işe girizdik” – diýip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy habar berdi. Ol özara hormat goýmak we özygtyýarlylyga esaslanýan kiberhowpsuzlyk pudagynda ählumumy standartlaryň emele gelmegini, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, adalatlylyk we deň ygtyýarlyk ýörelgelerine emeli intellektiň ornaşdyrylmagyny goldady. “Türkmenistan emeli intellekt ulanmagyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny we raýatlarymyza hem-de dünýä jemgyýetçiligine hakyky peýdalary üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň çäginde ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen işjeň işleşmäge taýýardyr”.
Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Biz öňdebaryjy tejribäni özleşdirmäge we “akylly şäherler”, sanly bilim, telemedisina we uzakdan dolandyrmak ýaly öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge taýýardyrys. Emeli intellekt we sanly tehnologiýalar diňe bir ykdysadyýeti, ylmy we gündelik durmuşy üýtgetmän, eýsem kiber giňişlikde umumy geljegi bolan dünýä jemgyýetçiliginiň döremegine esas döredýär.
“Türkmenistan açyklyk, sanly goşulyşmak we tehnologiki parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydyr” – diýip, Hudaýgulýew nygtady we sammite gatnaşyjylary 2025-nji ýylyň 12-14-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmentel-2025” atly halkara foruma çagyrdy.
2025-nji ýylyň Bütindünýä internet maslahatynyň (WIC) Aziýa-Ýuwaş umman sammiti sanly ykdysadyýet boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açar. Çäräniň dowamynda onlarça ýurtdan gelen ministrler we senagat edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri innowasiýa hem-de tehnologiýa arkaly ykdysady ösüşi ösdürmek we kärhanalara daşary ýurt bazarlaryny öwrenmäge ýardam etmek boýunça çuňňur pikir alyşýarlar diýip, Hytaýyň KHBS-i habar berýär.
ORIENT