TDÇA-da Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan sergi guraldy
10.04.2025 | 22:15 |Şu gün 10-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly döredijilik sergisi öz işine başlady.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu sergi her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlandy.
Sergä ussat heýkeltaraş, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň iki gezek eýesi, halk suratkeşi, Saragt Babaýew we beýle halypa suratkeşler gatnaşyp, olar ýaşlara sungat eserlerinde türkmen bedewiniň keşbini şekillendirmek boýunça peýdaly maslahatlaryny berdiler.
Sergi köp adamly bolup, olaryň agramly bölegini talyp ýaşlar düzdi.
Sergide owadan türkmen bedewleriniň gözelligini wasp edýän sungat işleri hödürlenip, olar sergä gelenlerde uly täsir galdyrdy.
ORIENT