Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy
10.04.2025 | 00:36 |9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy.
Gözden geçirilişiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Şekil taslamalary barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow hasabat berdi. Türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen meşhur ahal-teke bedewleriniň heýkelleri binýatlaryň üstünde oturdylar hem-de olaryň gelip çykyşynyň taryhy barada maglumatlar hem şu ýerde ýerleşdiriler.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Derýageldi Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada beren hasabatynyň dowamynda, bu tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyklara ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den gowragy gatnaşýanýandygy habar berdi. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli hem-de daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň 5-si işleýär.
Hasabatyň dowamynda Derýageldi Orazow Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga hem-de şol ýurtlarda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar bilen ylalaşyklary degişli resminamalar arkaly berkitmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentimine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem halkara maliýe guramalarynyň Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalarynyň barha artýandygy habar berildi. Häzirki wagtda şäherde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenen taslamalara grant goldawyny bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ikinji tapgyrda guruljak döwrebap awtomenziliň we bina ediljek ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna grant goldawy görnüşinde maliýe serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.
Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik toplumlary bilen bir hatarda durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary hem dowam etdirilýär. Şol bir wagtyň özünde desgalaryň taslamalary taýýarlananda, ilkinji nobatda, olaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmagy möhüm talaplaryň biridir. Şunuň ýaly çemeleşme ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda hem ulanylýar.Bu bolsa ýokary ekologik derejesini saklamaga mümkinçilik berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikinji tapgyrda önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy şeýle hem ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi Gulşat Mämmedowa häzirki döwürde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda Monako Knýazlygynda iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn şäherara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşandygy bellenildi. Şeýle hem şanly senäniň hormatyna atşynaslara täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri metjidiň gurulýan ýerine gelip, hödürlenen şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň müftüsiniň we Ahal welaýatynyň ymamynyň gatnaşmagynda gurulýan metjitdiň bezeg aýratynlyklaryna we onda ulanylýan serişdelere degişli maglumatlar beýan edildi. Metjidiň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly şol sanda bu ýerde birbada 5 müň zenana niýetlenen aýratyn ýer göz öňünde tutulan.
Milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek hem-de mukaddes Oraza baýramyny we Gurban baýramyny bellemek üçin ýurtda ähli zerur çäreleriň görülýändigi nygtaldy.
Haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän watandaşlarymyzy Mekgä we Medinä ugratmak üçin ýörite howa gatnawlary ýola goýulýar. Türkmenistanyň müftüsi bu babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza din wekilleriniň we ähli halkymyzyň adyndan hoşallyk bildirdi. Şu günler Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinde haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata gitmäge isleg bildirýän raýatlary Mekge-Medinä ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
ORIENT