Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik sergisi açylar
09.04.2025 | 09:30 |10-nji aprelde sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly döredijilik sergisi öz işine başlar.
Sergi her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda uludan bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanýar.
Bu döredijilik sergisinde owadan, ýelden ýyndam türkmen bedewleriniň şekillendiriş sungatynda döredilen ajaýyp eserleri hödürlener.
ORIENT