Iň täze habarlar

Türkmenistanyň çäginde biologik köpdürliligi gorap saklamagyň wajyplygyny şöhlelendirýän wizual materiallary işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik

16.04.2025 | 15:03 |
 Türkmenistanyň çäginde biologik köpdürliligi gorap saklamagyň wajyplygyny şöhlelendirýän wizual materiallary işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik

Her ýyl 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawyň bütindünýä güni mynasybetli BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Global ekologiýa gaznasynyň “Köpsanly bähbitleri almak üçin Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslamasy “Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerinde biologik köpdürliligi gorap saklamagyň wajyplygy” atly temadan wizual materiallary işläp taýýarlamak boýunça bäsleşige arzalaryň kabul edilip başlandygy barada habar berýär. Taslama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşige tematiki stendleri bezemek üçin suratlar, infografika ýa-da sanly taslamalar kabul edilýär. Stendler Amyderýa we Gaplangyr döwlet tebigy goraghanalarda hem-de olaryň bufer zolaklarynda ýerleşdiriler.

Işler aşakdaky ugurlar boýunça türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde taýýarlanmaly:

çäkleri bellemek üçin görkezme stendler;

tebigaty goramak boýunça çäreler baradaky maglumat stendleri;

sapar-merkezleri üçin stendler.

Işler Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny, şeýle hem olary goramak we saklamak boýunça alnyp barylýan işleri açyp görkezmeli. Ähli işlerde hökmany ýagdaýda çeşmeleriň görkezilmegi bilen, dogry we dürs maglumatlary ulanmak zerurdyr.

Işlere BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem “Ynanç Wepa”, “Ýaş Tebigatçy”, “Tebigy Kuwwat” we “Eko-durmuş” ýaly jemgyýetçilik guramalaryň wekillerinden ybarat bolan bäsleşigiň emin agzalary garar.

Aşakdaky şertlere görä baha beriler:

bäsleşigiň talaplaryna laýyk gelişi;

maglumatlary ýetirmegiň hili we aýdyňlygy;

maglumatlaryň dogrulygy we çeşmeleriň görkezilişi;

esasy pikiriň özboluşlylygy we döredijilikli çemeleşme.

Ähli bäsleşik materiallary undptm@gmail.com elektron poçta uradylmaly ýa-da Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 21, 744036 BMG-niň binasy salgysy boýunça tabşyrmaly.

Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 2025-nji ýylyň 20-nji maýy.

Habarlaşmak üçin: Döwlet Rejepow, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen registry.tm@undp.org; undptm@gmail.com

Tel.: (99312) 488325

Faks: (99312) 488311

Arzada gatnaşyjynyň F.A.A.a., ýaşy, guramanyň ady (eger bar bolsa), habarlaşmak üçin telefon belgisi we elektron poçtasynyň salgysy görkezilmeli.

Sowgatlaryň we diplomlaryň dabaraly gowşurylyşy 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Aşgabatdaky BMG-niň binasynda geçiriler.

Ýeňiş gazanan işler ilatyň aýratyn goralýan tebigy ýerler baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin Amyderýa we Gaplangyr goraghanalaryň çäklerinde ýerleşdiriler.

ORIENT news

Foto: undp.org

Şeýle hem okaň: