Özbegistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny kabul etdi
08.04.2025 | 19:50 |7-nji aprelde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkende gelen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny kabul etdi.
Bilelikdäki duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Başlygy Erlan Koşanow, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Nurlanbek Turgunbek uulu, Täjigistan Respublikasynyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda dagylar gatnaşdylar.
Ýokary derejeli myhmanlar Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine öz ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler hem-de sebitimizde ilkinji gezek geçirilýän halkara çäräniň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Dostlukly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
4-nji aprelde Samarkantda geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitiniň we klimat forumynyň netijelerine ýokary baha berildi.
Iň ýokary we ýokary derejedäki depginli aragatnaşyklar aýratyn kanagatlanma bilen bellendi. Ýakynda sebitde geçirilen duşuşyklaryň, şol sanda serhetleri kesgitlemek meseleleriniň doly çözülmegi we Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet serhetleriniň birleşýän nokady babatda Ylalaşyga gol çekilmegi ýaly möhüm wakalaryň taryhy häsiýeti nygtaldy.
Soňky ýyllarda sebitdäki ýurtlaryň arasynda söwda dolanyşygy on esse artdy we serhetýaka söwda zolaklary döredilýär.
Hyzmatdaşlyk taslamalary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýurtlarymyzyň sebitlerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Baý mazmunly medeni we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň maksatnamalary durmuşa geçirilýär.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurdy we halky has ýakynlaşdyrmak, bilelikdäki başlangyçlary hem-de hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek, sebitara gatnaşyklary we ynsanperwer alyş-çalyşlary giňeltmek üçin parlament dialogyny güýçlendirmegiň ähmiýeti nygtaldy diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.
Şeýle-de Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň başlygynyň we Oliý Mažlisiniň Senatynyň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
ORIENT