Iň täze habarlar

Týanszinde ŞHG-nyň nobatdaky sammitiniň ilkinji goşmaça çäresi geçiriler

08.04.2025 | 10:25 |
 Týanszinde ŞHG-nyň nobatdaky sammitiniň ilkinji goşmaça çäresi geçiriler

2025-nji ýylyň 9-11-nji apreli aralygynda Týanszinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammitiniň ilkinji goşmaça çäresi geçiriler. Global ösüş boýunça başlangyjyň çäklerinde guralan bu çäre, durnukly ösüşe maýa goýumlary çekmeklige itergi bermek işine bagyşlanar.

ŞHG-na agza-ýurtlaryň hökümetleriniň we kärhanalarynyň, şeýle hem Hytaýyň döwlet we hususy kärhanalarynyň 400-e golaý wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäre Maýa goýumlar boýunça Ýörite iş toparynyň dokuzynjy mejlisini hem-de durnukly ösüş boýunça “Hytaý-ŞHG” senagat hyzmatdaşlygy maslahatyny öz içine alar. Çäräniň esasy maksady – durnukly ösüş maksatnamalaryny hem-de energetika, nebit-himiýa, infrastruktura we dag-magdan senagaty ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri hödürlemekden ybaratdyr.

Bu çäre 2025-nji ýylyň güýzünde Týanszinde geçiriljek ŞHG-na agza-döwletleriň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 25-nji mejlisiniň öň ýanyndaky taýýarlyk üçin möhüm ädim bolar. Hytaý 2024-2025-nji ýyllar üçin ŞHG-da rotasiýa boýunça başlyklyk etmegi kabul edip, agza-döwletleriň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmäge çalyşýar.

ORIENT news

Foto: dknews.kz

Şeýle hem okaň: