A.S.Puşkin adyndaky teatryň artistleri çykyşlary bilen Balkan welaýatyna ugrarlar
07.04.2025 | 16:40 |A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry çykyşlary bilen Balkan welaýatynyň şäherlerine ugrarlar. Aprel aýynyň ahyrynda artistler Gyzylarbat, Bereket, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň ýaşaýjylaryna özüniň iň gowy çykyşlaryny hödürlärler.
Tomaşaçylara köp görnüşli gyzykly maksatnama, şol sanda hem çagalar, hem ulylar üçin sahna oýunlary garaşýar. Olaryň arasynda – ajaýyp “Kolobok” ertekisi, täsirli “Erkin kebelekler” we “Aýal doganlar” drama oýunlary, aýdym-saz we tans çykyşlaryndan doly “Halklaryň dostlugy” atly konserti, şeýle hem “Bahar höwesi” atly döredijilik agşamsy bar.
A.S.Puşkin adyndaky teatryň Balkan welaýatynda ýerine ýetirjek çykyşlarynyň tertibi:
Gyzylarbat, 20-nji aprel
“Kolobok” — 14:30
“Halklaryň dostlugy” konserti — 17:00
Bereket, 21-nji aprel
“Kolobok” — 16:00
“Halklaryň dostlugy” konserti — 18:00
Balkanabat
22-nji aprel
“Halklaryň dostlugy” konserti — 19:00
23-nji aprel
“Kolobok” — 15:30
“Halklaryň dostlugy” konserti — 17:00
“Erkin kebelekler” — 19:00
24-nji aprel
“Kolobok” — 15:30
“Bahar höwesi” (aýdym-sazly döredijilik agşamsy) — 17:00
“Erkin kebelekler” — 19:00
25-nji aprel
“Kolobok” — 15:00
“Halklaryň dostlugy” konserti — 17:00
“Aýal doganlar” — 19:00
26-njy aprel
“Kolobok” — 14:30
“Halklaryň dostlugy” konserti — 19:00
Türkmenbaşy
27-nji aprel
“Kolobok”— 14:00
“Kolobok” — 15:30
“Erkin kebelekler” — 19:00
28-nji aprel
“Kolobok” — 15:00
“Halklaryň dostlugy” konserti — 17:00
“Aýal doganlar” — 19:00
29-njy aprel
“Kolobok” — 15:00
“Bahar höwesi” (aýdym-sazly döredijilik agşamsy) — 17:00
“Erkin kebelekler” — 19:00
30-njy aprel
“Kolobok” — 15:00
“Halklaryň dostlugy” konserti — 17:00
“Aýal doganlar” — 19:00
ORIENT news