Iň täze habarlar

Waşingtonda Nowruz baýramyny bellediler

07.04.2025 | 13:30 |
 Waşingtonda Nowruz baýramyny bellediler

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň ABŞ-daky diplomatik wekilhanalary Nowruz baýramyny bellediler.

Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we Kongressiniň wekilleri, telekeçiler, Waşingtonda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem Amerikadaky türki diasporasy gatnaşdy.

Agşamky çäräniň medeni maksatnamasy tans çykyşlaryny, şol sanda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirilmeginde türkmen halkynyň Küşdepdi tansyny, şeýle hem halk gurallaryndaky aýdym-sazlary öz içine aldy.

Mundan başga-da, myhmanlara türki halklarynyň milli tagamlary hödürlendi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow öz çykyşynda gelen myhmanlary baýramçylyk bilen gyzgyn gutlady. Ol şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekdi. Bu babatda ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini belledi.

ORIENT news

Foto: instagram.com/turkmen_emb_in_dc

Şeýle hem okaň: