Samarkantda Merkezi Aziýanyň we Türki ýurtlarynyň ekologiýa ministrleri bilen ýaşlaryň dialogy geçirildi
06.04.2025 | 14:00 |4-5-nji aprelde Samarkantda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki taryhy sammit geçirildi, onuň çäginde sebitiň döwlet Baştutanlary, şol sanda Türkmenistan, strategiki ösüşiň birnäçe ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň meýdançasynda Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň başlangyjy bilen Samarkant Klimat forumy, dünýäniň dürli künjeklerinden wekiliýetleri bir ýere ýygnady.
Forumyň ikinji gününiň gün tertibini açan Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Wengriýadan gelen ýaşlar wekilleri bilen öz ýurtlarynyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrleriniň arasynda geçirilen ýokary derejeli dialog aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Bu ýaşlar – 2024-nji ýylda Azerbaýjanda geçirilen “COP29” howa boýunça maslahatynyň dowamynda döredilen Halkara ýaşlaryň maslahat beriş komitetiniň agzalary. Geçen ýylky esasy howa boýunça duşuşygyň öňüsyrasynda, Bakuwda kabul edilen 2024-2030-njy ýyllar üçin durnukly ösüş medeniýetini ösdürmek we çagalar we ýaşlary howa gün tertibine çekmek boýunça halkara strategiýasynyň döredilmegine esas bolan howanyň üýtgemegi barada sebitleýin beýannamany döretmek üçin işlediler.
Indi, bir ýyl töweregi bilelikde onlaýn hyzmatdaşlykdan we teklip edilýän başlangyçlar işlenip düzülenden soň, 8 ýurduň wekilleri ýene-de Samarkantda ýygnanyp, milli we ählumumy derejede degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen ýaşlaryň özara gatnaşygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sessiýa adaty salamlaşmalar we ýaş wekiller bilen ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň tanyşlygy bilen başlady. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tejribelerini paýlaşan Halkara ýaşlaryň maslahat beriş komitetiniň agzalary, howa boýunça Pariž ylalaşygy sebitdäki ýurtlar tarapyndan kabul edilen Milli derejede kesgitlenen goşandyny seljermesiniň netijelerini paýlaşdy. Hususan-da, ýaşlary çekmäge we karar kabul etmek işine gatnaşmak mümkinçiliklere has köp üns berildi. Howa boýunça milli maksatlaryny gowulandyrmak boýunça ýaşlaryň teklipleri sebitdäki ýurtlaryň degişli ugurdaş edaralaryň ýanyndaky milli ýaşlar geňeşini döretmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak üçin ýaşlara gönükdirilen strategiýalary işläp düzmek we howa biliminiň okuw meýilnamalaryna goşulyşmagyny öz içine aldy.
Türkmenistanyň ýaşlar wekili, BMG-niň DÖM-niň 17-niň ýaş ilçisi Saparguly Mahtumow paýlaşdy:
“Howa bilimini birleşdirmek üçin biziň ýurtlarymyzda möhüm işler alnyp barylýandygyna garamazdan, Milli derejede kesgitlenen goşandy 2.0 gözden geçirip, bilim ulgamynyň bu ugurda möhüm pudak hökmünde ykrar edilendigine garamazdan, howanyň üýtgemegi gün tertibini okuw meýilnamalaryna goşmak, öňki Milli derejede kesgitlenen goşandynda görkezilen maksatlaryň üns merkezinde däldigini gördük. Milli hereket meýilnamalarynda howa boýunça barada anyk borçnamalaryň ýoklugy sebäpli, ýaş ýolbaşçylaryň geljekki nesli geljekdäki howa gurşawyna taýýarlyksyz bolup biler.”
Sebitdäki ýurtlaryň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň seljermesiniň netijelerinden soň wekiliýetler bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin birnäçe mümkin bolan meýilnamalary teklip etdiler. Ýaşlaryň sesini göz öňünde tutup, ministrlikleriň ýolbaşçylary ýaşlaryň bu mesele boýunça alyp barýan işlerine goldaw berjekdiklerini biragyzdan mälim etdiler. “Ýaşlar şeýle çekişmelerň “ýüregi”, sebäbi siz – biziň geljegimizdir” – diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň howa meseleleri boýunça wekili Muhtar Babaýew mälim etdi.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow pikiri dowam etdirdi: “Biziň hemmämize bir eýýäm ilatyň arasynda ekologiýa medeniýetini ösdürmek barada oýlanmagyň wagty geldi. Bu ýaşlarymyz üçin gaty möhümdir we bu ugurda işleri ösdürmek zerur diýip hasap edýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýaş işjeňlerimiz üçin şeýle başlangyçlary öňe sürmek we durnukly ösüş düşünjesini wagyz etmek üçin meýdança bolup hyzmat etjek Ekologiýa medeniýetiniň sebitleýin merkezini döretmegi teklip edýärin. Galyberse-de, şu günki ýaşlarymyz – ertir ýurtlarymyzyň hereketlendiriji güýji!”
Milli derejede kesgitlenen goşandy ara alyp maslahatlaşmasyndan soň Halkara ýaşlaryň maslahat beriş komitetiniň agzalary sebitdäki azyk galyndylarynyň mukdaryny azaltmak üçin innowasiýa taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler, ýagny ol Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde geçiriljek Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň çäginde 2025-nji ýylda geçiriljek “Ýaşyl sanly startap başlangyçlar” atly bäsleşigine taýýarlyk üçin işlenip düzüldi. Ine, eýýäm maý aýynda Halkara ýaşlaryň maslahat beriş komitetiniň topary bu başlangyja gatnaşýan topar hökmünde çykyş etmegine garaşylýar.
Duşuşygyň ahyrynda, däp bolşy ýaly, gatnaşyjylaryň hemmesi jem bolup surata düşmek üçin ýygnandylar. Elbetde, hemmeler bu söhbetdeşligi dowam etmek islediler, ýöne gatnaşyjy ýurtlaryň ekologiýa boýunça edalaeynyň ýolbaşçylarynyň aýdyşy ýaly: “Bu gün duşuşygymyzy tamamlamagyň wagty geldi. Ýöne bu soňy däl – bu diňe ýaşlaryň sesleri bilen uzak we ýakyn hyzmatdaşlygymyzyň başlangyjy”.
ORIENT