Aktauda şäheriň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli medeni festiwal badalga alýar
04.04.2025 | 15:50 |2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Günbatar Gazagystanyň Aktau port şäherinde 2025-nji ýylda bu şäheriň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli medeni festiwal badalga alýar.
Festiwalyň çäklerinde 6-njy aprele çenli geçiriljek dürli görnüşli çäreler, şol sanda konsertler, sergiler, teatr oýunlary we ussatlyk sapaklar meýilleşdirilendir. Dürli ýurtlaryň 500-den gowrak artistleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. “Darhan dala” atly etnik şäherjik festiwalyň möhüm elementi bolar. Şäherjige gelen myhmanlar türki halklaryň däp-dessurlary we senetleri bilen tanşyp bilerler, şeýle hem milli tagamlary datmaga mümkinçiligi alarlar.
Mundan başga-da, ýylyň dowamynda Aktau şäherinde halk döredijiligi we däp bolan sungatyň festiwallary, ylmy we medeni forumlar geçiriler. Munuň özi tejribe alyşmak we medeni hyzmatdaşlyk üçin ajaýyp meýdançany döreder. Medeni paýtagt derejesi sebitiň taryhy ýadygärliklerine ünsi çekmäge hem-de olaryň gorap saklanylmagyna kömek etmäge mümkinçilik berer.
Aktau Türkmenistandaky Änew şäherinden soňra, 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlen hukugyny 2024-nji ýylyň noýabrynda aldy.
ORIENT news