Iň täze habarlar

Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy koreý dilini öwrenmek boýunça okuw maksatnamalarynyň onlaýn-ýarmarkasyna çagyrýar

04.04.2025 | 10:50 |
 Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy koreý dilini öwrenmek boýunça okuw maksatnamalarynyň onlaýn-ýarmarkasyna çagyrýar

Koreýa Respublikasynyň Türkmeinstandaky ilçihanasy Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Milli halkara bilim institutynyň (National Institute for International Education, NIIED) 2025-nji ýylyň koreý dilini öwrenmek boýunça okuw maksatnamalarynyň onlaýn-ýarmarkasyny geçirýändigi barada habar berýär.

Koreýa Respublikasynda koreý dilini öwrenmek, respublikanyň 60-a golaý uniwersitetleriniň hödürleýän dil maksatnamalary bilen tanyşmak isleýänler üçin bu ajaýyp mümkinçilikdir. Onlaýn-ýarmarkasy ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden hakyky wagt tertibinde kabul edilme bilen baglanyşykly soraglary berip, şahsy maslahatlary almaga mümkinçiligini hem berer.

Onlaýn-ýarmarkasy 11-20-nji apreli aralygynda Study in Korea platformasynda geçiriler.

ORIENT news

Foto: overseas.mofa.go.kr

Şeýle hem okaň: