Tbiliside Ýaponiýanyñ sakuranyň gülleyşi baýramyny bellärler
02.04.2025 | 02:01 |Mart aýynyň ahyrynda sakuranyň gülleýän döwri başlaýar. Bu döwür Ýaponiýanyň esasy baýramlarynyň biri — Hanami bilen baglanyşyklydyr. Hanami sözüniň manysy “gülleriň gözelligine syn etmek” diýmekdir. Gyzykly tarapy, ak-gülgüne gülleriň gözelliginden lezzet almak däbi asyrlaryň jümmüşinde döräp, diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem Hytaýda, Günorta Koreýada hem saklanyp galypdyr. Mundan başga-da, bu baýram käbir Ýewropa ýurtlarynda we hatda Kanadada hem bellenilýär. Kanadada sakuranyň gülleýän möwsümi maý aýynyň başky günlerine gabat gelýär. Ondan öň, aprel aýynyň dowamynda Wankuwerde geçirilýän şäher festiwalynda sakuranyň gülleme baýramy bellenilýär, bu baýramyň çäklerinde konsertler we beýleki gyzykly çäreler guralýar.
Soňky ýyllarda Ýaponiýanyň sakuranyň gülleme milli baýramy Gruziýanyň paýtagty Tbiliside hem bellenilýär. Smart Press neşiriniň berýän habaryna görä, çäreler 2025-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde Tbilisiniň botanika bagynda geçiriler. Bu çäre Gruziýanyň Milli botanika bagy Tbilisi şäher häkimliginiň we Ýaponiýanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň goldawy bilen gurnalýar. Baýramçylyk çärelerine ähli isleg bildirenler gatnaşyp biler.
Tbilisidäki sakura baýramy adaty ýapon çaý dabarasy bilen açylar. Bu dabaranyň howandarlygyny Ýaponiýanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň aýaly eder. Çaý dabarasyny Ýaponiýadan gelen ussat Tohiko Oneri (Soho) alyp barar. Çaý dabarasyndan soň, suşi taýýarlamak boýunça ussatlyk sapagy geçiriler. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýapon harytlarynyň sergisi hem guralar. Myhmanlar şol ýerden ýapon çaýyny, suşi, beýleki datly nygmatlary, şeýle hem dürli manga-komikslerini we ýapon medeniýetine degişli zatlary satyn alyp bilerler.
Smart Press maglumatlaryna görä, Tbilisiniň botanika bagy 1845-nji ýylda esaslandyr, ol şäheriň taryhy merkezinde, Sololaki dag gerşiniň günorta tarapynda, Legwta-Hewi derýasynyň jülgesinde ýerleşýär. Bagyň ýerleşýän ýeri ozal “Patyşa bagy” adyny göteripdir. Ol Gruziýanyň Bagrationi patyşa neberesine degişli gadymy baglaryň biridi. Şu günki botanika bagynyň ýerleşýän ýerindäki şol gadymy baglar 1671-nji ýylda fransuz syýahatçysy Žan Şarden tarapyndan ýazga alnypdyr. 1910-1914-nji ýyllar aralygynda Tiflisiň botanika bagynyň ösüşine botanik, arheolog, etnograf we Kawkazy öwreniji alym Foma Gorepekin uly goşant goşupdyr. Ol dag belentliklerinden Botanika bagyna 1500-den gowrak dürli ösümlik görnüşlerini getirip, Kawkazyň ýokary dag ösümliklerinden ybarat aýratyn bölüm döredipdir.
ORIENT