Iň täze habarlar

Saud Arabystany 2025-nji ýylyñ haj ybadatyny amala aşyrmak üçin hasaba alnyşa başlady

02.04.2025 | 12:45 |
 Saud Arabystany 2025-nji ýylyñ haj ybadatyny amala aşyrmak üçin hasaba alnyşa başlady

Saud Arabystany 2025-nji ýylyñ haj ybadatyny amala aşyrmak üçin hasaba alnyşyga badalga berip, ilkinji gezek amala aşyrýan hem-de meningite garşy hökmany sanjymy alan zyýaratçylara ähmiýet berýär.

Bu bildiriş Saud Arabystanyñ Haj we umra ministrligi tarapyndan beýan edildi.

Saud Arabystanyñ raýatlary we ýaşaýjylary haj hyzmatlarynyñ bukjasyny Nusuk gollanmasy ýa-da adybir elektron portaly arkaly alyp bilerler.

Nusuk platformasy amatly interfeýsi hödürläp, ol zyýaratçylara dürli töleg görnüşli bukjalary görmäge we öñünden sargyt etmäge mümkinçilik berýär.

Bu gollanma arkaly haj ybadaty üçin ilkinji zerurlygy bolan zatlary, şol sanda egin-eşikleri we şahsy ulanyş esbaplary satyn alyp bilerler, şeýle hem wiza haýyşnamasyny tabşyryp, öz bukjalarynyñ çäklerinde awiabiletleri öñünden sargyt edip goýup bilerler. Munuñ özi bütin zyýarat bilen baglanyşykly işleri ansatlaşdyrýar.

ORIENT news

Foto: travelobiz.com

Şeýle hem okaň: