Aşgabatda Rus kinofilmleriniñ festiwaly geçirilýär
29.03.2025 | 11:20 |2025-nji ýylyñ 28-30-njy marty aralygynda Aşgabadyñ "Berkarar" söwda we dynç-alyş merkeziniñ kinoteatrynda РОСКИНО döwlet guramasy tarapyndan Russiýanyñ Medeniýet ministrliginiñ ýardam bermeginde Rus kinofilmleriniñ festiwaly geçiriler.
Türkmenistan şu ýyl Rus kinofilmleriniñ festiwalyny kabul edýän Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ ilkinji ýurdudyr.
Festiwalyñ meýilnamasynda dört sany film, şol sanda maşgala blokbasterleri we ýaş tomaşaçylar üçin multfilmler görkeziler.
Olaryñ arasynda rus kinoprokatynyñ iñ köp girdeýji gazanan "Финист. Первый богатырь" atly maşgala ertekisi, Gans Kristian Anderseniñ adybir "Огниво" ertekisiniñ täsin ekranlaşdyrylmasy, Kamçatkanyñ tebigaty barada "Огненный лис" atly dokumental filmi hem de "Большое путешествие. Вокруг света" atly animasiýa başdan geçirmeler hekaýasy bar.
Guramaçylar hem çagalar, hem ulylar üçin gyzykly boljak maşgala filmlerine aýratyn ünsüñ berilendigini belleýärler.
Eýýäm 100 ýyldan bäri rus kinofilmlerini daşary ýurtda görkezýän РОСКИНО Russiýa bilen Türkmenistanyñ arasyndaky medeni alyş-çalyş däplerini dowam etdirýär. Bu bolsa festiwaly iki ýurt üçin hem möhüm wakalarynyñ birine öwürýär.
ORIENT news