Türkmen-rumyn medeni hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
27.03.2025 | 05:06 |2025-nji ýylyň 25-nji martynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Diana Baçuna bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda rumyn tarapy türkmen halysyna bagyşlanyp Buharestde üstünlikli geçirilen çäre bilen gutlady. Bu çäräniň milli mirasy wagyz etmek, köpçüligi Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdyrmak we iki ýurduň arasynda medeni köpri gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredendigi nygtaldy.
Ç. Rüstemowa türkmen tarapynyň rumyn tarapy bilen medeniýet we medeni alyş-çalyş ulgamyna, şeýle hem rumyn muzeýleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Şu nukdaýnazardan, ministriň orunbasary türkmen tarapynyň bilelikdäki çäreleri we taslamalary geçirmek baradaky tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň medeni we ynsanperwer ugurly halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýändigi bellendi hem-de taryhy ýadygärliklerimiziň we milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň birnäçesiniň bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi habar berildi.
ORIENT