Iň täze habarlar

Türkmen işewürligi Rumyniýada geçiriljek köp ulanylýan harytlaryň halkara sergisine çagyryldy

05.03.2025 | 15:50 |
 Türkmen işewürligi Rumyniýada geçiriljek köp ulanylýan harytlaryň halkara sergisine çagyryldy

Türkmenistanyñ telekeçileri Rumyniýadaky TIBCO (Targul international de bunuri de larg consum)-2025 köp ulanylýan harytlaryň halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiñ saýtynda habar berilýär.

Ol 29-njy maý - 1-nji iýun aralygynda Buharestdaky Romexpo sergiler merkezinde geçiriler.

TIBCO-nyñ guramaçysy Romexpo S.A kompaniýasy bolup, bu sergi Rumyniýada köp ulanylýan harytlaryň iñ uly halkara sergisi bolup durýar. Her ýyl TIBCO köp ulanylýan harytlary görkezmek we olaryñ täjirçiligi boýunça baş çäre bolýar. Ol halkara söwda babatda öñdebaryjy kompaniýalary birleşdirip, işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özboluşly platformany hödürleýär.

Sergide dokma önümleri, egin-eşikler, aýakgaplar, gurluşyk enjamlary, ýyladyş tehnikasy, kosmetika, parfýumeriýa, oýnawaçlar, iýmit önümleri görkeziler.

TIBCO sergisi - bu rumyn bazarynda gowy netijelere ýetmek üçin hakyky pursat bolup durýar.

ORIENT

Foto: flickr.com

Şeýle hem okaň: