Hytaýdaky Sinszýanda geçiriljek medeni-syýahatçylyk ýarmarkasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 100-den gowrak kärhanasy gatnaşar
28.02.2025 | 14:35 |22-24-nji mart aralygynda Urumçide geçiriljek 2025-nji ýylyň Sinszýan medeni-syýahatçylyk ýarmarkasy Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň 100-den gowrak kärhanasynyň gatnaşmagy üçin möhüm meýdança bolar. Bu barada Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň (SUAE) Medeniýet we syýahatçylyk işleri bounça müdirligine salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär. Munuň özi sebitde syýahatçylyk we medeni alyş-çalyşygy babatda barha ösýän hyzmatdaşlygyna şaýatlyk edýär. SUAE-niň administratiw merkezi hasaplanylýan Urumçi şäherindäki Sinszýanyň halkara maslahatlar merkezinde geçiriljek ýarmarkanyň hem Hytaýyň, hem-de beýleki ýurtlaryň 2000-den gowrak gatnaşyjysyny özüne çekjmegine garaşylýar.
Sinszýanyň syýahatçylyk birleşiginiň başlygynyň orunbasary Çžan Sýaoýuý “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyň ösdürilmeginiň Sinszýany Merkezi Aziýa bilen birleşdirýän syýahatçylyk ugurlary üçin täze mümkinçilikleri açyp berýändigi barada belledi.
Şu ýylky ýarmarka Sinszýany Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen birleşdirýän serhetüsti syýahatçylyk ugurlarynyň işläp taýýarlamagyna hem-de medeni-syýahatçylyk infrastrukturasyny satyn almak babatda olar bilen hyzmatdaşlyga gönükdiriler.
ORIENT news