Türkmen telekeçileri Iordaniýada geçiriljek halkara oba hojalyk sergisine çagyrylýar
19.02.2025 | 13:35 |Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri 11-nji Sawsana Halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniñ saýtynda habar berilýär.
Sergi 2025-nji ýylyñ 29-31-nji maýy aralygynda Iordaniýanyñ oba hojalyk ministriniñ ýolbaşçylygynda geçiriler. Sawsana Halkara oba hojalyk sergisi Iordaniýanyñ oba hojalyk, weterinariýa we azyk senagaty pudagynda öñdebaryjy çäre hasaplanylýar.
Onda oba hojalyk we weterinariýa pudaklarynyñ soñky tehnologiýa işläp taýýarlamalary, önümleri, enjamlary we häzirki zaman usullary görkeziler. Uly sergi meýdançalary bilen bu çäre esasy ýurtlaryñ iri gatnaşyjylaryny özüne çekip, strategiki hyzmatdaşlyga we ösüşe ýardam berýär.
Türkmen öndürijilerinde we telekeçilerinde häzirki zaman tehnologiýa babatda tejribe alyşmaga, öñdebaryjy dünýä tejribeleri bilen tanyşmaga, Iordaniýadan we beýleki ýurtlardan hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik bolar.
ORIENT news