Iň täze habarlar

Türkmen telekeçileri halkara azyk däl harytlar sergilerine gatnaşyp bilerler

17.02.2025 | 12:24 |
 Türkmen telekeçileri halkara azyk däl harytlar sergilerine gatnaşyp bilerler

Merkezi Aziýanyň iri sergi çäresiniň guramaçysy “Mayer International Asia” türkmen telekeçilerine NON-FOOD ASIA EXPO-2025 halkara azyk däl harytlar sergilerine gatnaşmagy teklip etdi.

Sergiler 2025-nji ýylyň 21-23-nji marty aralygynda Daşkent şäherinde (“Uzeksposentr” milli sergi toplumy) hem-de 2025-nji ýylyň 26-28-nji noýabry aralygynda Almatyda (“Atakent” sergi merkezi) geçiriler.

“Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuny göz öňünde tutup, biz türkmen öndürijilerine täze söwda bazarlaryna çykmak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýäris” – diýip, guramaçylaryň resmi ýüzlenmesinde aýdylýar.

Türkmen kompaniýalary öz önümlerini “Türkmenistanda öndürilen” toparlaýyn stendiň çäklerinde görkezip bilerler.

Sergide durmuş himiýasy we parfýumer-kosmetika önümleri, gündelik isleg harytlary we gaplaýjy materiallar ýaly azyk däl harytlaryň dürli pudaklaryň önümleri görkeziler. Sergä gatnaşmaklyk türkmen kompaniýalaryna diňe bir öz harytlaryny halkara derejesinde görkezmäge däl, eýsem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlary bilen täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

NON-FOOD ASIA EXPO - bu söwda torlary we söwda meýdançalary üçin halkara azyk däl harytlar sergisidir. Şeýle-de bu netijeli aragatnaşyklar we täze ygtybarly müşderileri, üpjün edijileri we hyzmatdaşlary tapmak üçin Merkezi Aziýanyň esasy halkara meýdançasy bolup, ol azyk däl harytlar bazarynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň satyn alyjylaryny we öndürijilerini birleşdirýär.

ORIENT news

Foto: non-food.asia

Şeýle hem okaň: