Iň täze habarlar

Aşgabatda küşt boýunça ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri sylaglandy

10.02.2025 | 19:20 |
 Aşgabatda küşt boýunça ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri sylaglandy

2-nji fewraldan 9-njy fewral aralygynda Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi Watanymyzyň küşt boýunça umytlaryny görkezýän küşt boýunça ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatyny geçirdi. Bu dartgynly ýaryşda türgenler ussatlyklaryny we strategiki pikirlenişini görkezip, nuwgawy küşt, rapid we blits görnüşinde bäsleşdiler.

Umumy medallaryň sanawy we ýaryşyň açylyşlary

Çempionatda iň uly üstünlik, mümkin bolan 54 medaldan 33-sini we umumy topar sanawynda birinji orny eýelän Lebap welaýatynyň wekilleri tapawutlandyrlar. Toparyň hasabynda – 12 altyn, 11 kümüş we 10 bürünç medal bar. Ikinji orny 10 medal (4 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç) bilen Mary welaýtynyň küştçileri eýelediler, üçünji orny bolsa 9 medal (2 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç) gazanyp Aşgabadyň küştçileri eýeledi.

Ýaryşyň beýleki üstünlikleriniň arasynda “Küşt Älemi” küşt akademiýasy üçin kümüş medal we Daşoguz topary üçin bürünç medaly hem bellemek bolar.

до 14 лет чемпионка- Джуманиязова Нурана.jpg

Ýaryşyň açylyşy 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda nusgawy görnüşde çempion bolan Lebaply Nurana Jumaniýazowa we 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda “rapid” ýeňiş gazanan Mary welaýatyndan Begenç Öwezow diýlip ykrar edildi.

юноши до 16 лет.jpg

Üstünlikden bir ädim uzakda

Uly umytlara garamazdan, käbir gatnaşyjylar öz mümkinçilikleri doly açyp görkezip bilmediler. Rauf upusupow (FIDE reýting – 1759) 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen nusgawy ýaryşda diňe bir bürünç medal gazandy. Altyn medal gazanar diýip hasap edilen, 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň wise-çempiony Serdar Baýramow bary-ýogy bäşinji ýeri eýeledi, ýöne rapid görnüşinde kümüş we blitsde bürünç medallary gazandy. Geçen ýyllarda 12 we 13 ýaşa çenli Türkmenistanyň çempiony Nebahat Myradowa 14 ýaşa çenli derejede kümüş medala mynasyp boldy.

юноши18 лет - чемпион.jpg

Milli ýygynyň tälimçileriň bellemegine görä, bu çempionatda dalaşgäleriň şeýle “şowsuzlyklary” ýurtda çagalaryň we ýaşlaryň arasynda küşt oýunçylarynyň sanynyň köpelendigini we olaryň arasyndaky barlyşyksyz bäsleşigi görkezýär.

Ýygyndyda täze atlar? Kime mümkinçilik berler?

Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýewiň sözlerine görä, ýaryşyň netijeleri esasy toparyň düzülmegine täze mümkinçilikler açýar. Tälimçiler toparynyň has ýakyndan gözegçilik etjek mümkin bolan dalaşgärleriň sanawyna, ulularyň derejesinde karýerasynyň ösüşiniň gowy dowamy bolup biljek Nurana Jumanyyazowa (14 ýaşlylaryň derejesine çenli) we Gülmira Seýilhanowa (18 ýaşa çenli) girdi.

награждение - до 18 лет. Гульмира (серебро).jpg

Bäsleşigi guramaçylygy gatnaşyjylara birnäçe hyzmatdaş tarapyndan goldanyldy –dogry sport iýmitlenmegi üpjün edýän “PP Green restorany”, şeýle hem “Küşt Älemi” küşt akademiýasy, “Belet Film” onlaýn-kinoteatry, “ALSAT.com.tm” onlaýyn-bazary, “Aýdyn Netije” maslahat beriş kompaniýasy we “ORIENT” media-ulgamy.

Все призеры 1.jpg

ORIENT

Foto: TKF

Şeýle hem okaň: