Dubaý bilen Abu-Dabiniň arasyndaky ýoluň wagtyny ep-esli derejede azaltjak ýokary tizlikli otly işläp başlady
24.01.2025 | 16:20 |Etihad Rail demir ýol kompaniýasy Dubaý bilen Abu-Dabiniň arasyndaky ýoluň wagtyny ep-esli derejede azaltjak täze ýokary tizlikli otlynyň işläp başlandygy barada habar berdi.
Indi BAE-niň paýtagtyndan ýurduň iri şäherine syýahatyň ýoly bary-ýogy 30 minuda ýeter, bu hem awtomobil ýa-da awtobus ýaly häzirki wagtda ulanylýan hereket ediş serişdeler bilen deňeşdirilende möhüm özgeriş bolup durýar. Otlylar 200 km/s tizlik bilen hereket edip, bir gatnwada 400-e golaý ýolagçyny äkidip biler. Bu diňe bir ulag elýeterliligini gowulandyrman, eýsem daşky gurşawyň hapalanmagynyň derejesini peseltmäge hem ýardam berer. Ýokary tizlikli otly alty stansiýadan geçer: Reem Island, Saadiyat, Yas Island we Abu-Dabiniň halkara howa menzili, şeýle hem Al-Maktum halkara howa menziliniň we Dubaýdaky Al Jaddaf etraplarynyň ýanyndan geçer.
2030-njy ýyla çenli Etihad Rail hyzmatlaryndan ýyda 36 mln köpräk adamyň peýdalanjakdygyna garaşylýar, bu hem sebitde köpçülikleýin ulag serişdelerine barha artýan gyzyklanmany açyp görkezýär. Mundan başga-da, täze demir ýol ulgamy BAE-niň 11 sany şäherini we sebitini, şol sanda Al-Ruwaýsy, Al-Mirfany, Fujeýrany we Şaržany birleşdirer. Bu bolsa ýurt boýunça syýahatlary has rahat we tiz ýagdaýa getirer.
ORIENT news