Türkmenistan we Täjigistan bilelikdäki senagat desgalary döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
18.01.2025 | 13:10 |Türkmenistandaky Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumy boýunça orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.
Türkmenistandaky Täjigistanyň ilçihanasyna salgylanyp “Howar” agentliginiň habar bermegine görä, söhbetdeşler duşuşygyň barşynda Täjigistanyň we Türkmenistanyň söwda-ykdysady pudagyndaky häzirki ýagdaýy we geljekki gatnaşyklar mümkinçiligi barada maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki senagat desgalaryny açmak mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de iki ýurduň arasynda geljekde söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak babatda çäreleriň kabul edilmelidigini belläp, iki ýurduň çäginde geçirilýän sergilere we işewürlik forumlaryna işewür toparlarynyň we telekeçileriň işjeň gatnaşmagynyň maksada laýyklylygy barada bellenildi.
ORIENT news