Iň täze habarlar

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

18.01.2025 | 11:00 |
 Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Kowentri uniwersitetiniň wekilleriniň we Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky gyzyklanma bildirýän taraplarynyň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri hem-de Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdy.

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň bilim ulgamy boýunça häzirki hyzmatdaşlyga oňaýly baha berip, taraplar gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkin bolan pudaklary öwrendiler. Munuň bilen baglylykda, talyp alyş-çalyşygyna, bilelikdäki gözleg başlangyçlara we okuw maksatnamalara aýratyn ähmiýet berildi.

Kowentri uniwersitetiniň işewürligi ösdürmek boýunça müdiriniň orunbasary Kristofer Tagg uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasy, ýokary okuw mekdebinde dowam edýän hyzmatdaşlygyň üstünlikleri barada gürrüň berdi hem-de Türkmenistanyň bilim edaralary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň innowasion usullaryny teklip etdi.

Netijeli geçen bu duşuşyk iki ýurduň hem ylym-bilim çygrynda umumy maksatlaryny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: