«Meniň pikirlerim we oýlap tapmalarym» atly ussatlyk sapagy uly üstünlik bilen geçirildi!
18.01.2025 | 12:33 |Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan çagalaryň oýlap tapmalar Gününiň hormatyna döredijilik we ylham bilen baglanyşykly gyzykly tälim geçirildi. Bu çärä 7 ýaşdan uly çagalar we olaryň ene-atalary gatnaşdy. Gatnaşyjylar hyýallaryny işe girizip, öz elleri bilen täsin we özboluşly önümleri döretmek mümkinçiligine eýe boldular. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Ussatlyk sapagy hakyky hünär derejesindäki gurşawda geçirildi. Gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen kagyz kesmek, ýelimlemek we surat çekmek işlerini ýerine ýetirdiler. Olar adaty ýandepderçeden hakyky sungat eserlerini döretdiler. Her bir ýandepderçe onuň eýesiniň şahsyýetiniň, keýpiniň we dünýäni özboluşly kabul edişiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Russiýanyň ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi şeýle çäreleriň gowy däp-dessura öwrülendigini belläp, olaryň döredijilikli we zehinli nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
ORIENT news