Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar

17.01.2025 | 13:10 |
 Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň gurnamagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Geçirilen dabara ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ministrlikleriniň wekilleri, Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçy düzümi we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň sowgat edilendigi üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözlerini aýtdylar.

Hususan-da, Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden täze kitabynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň halkara jemgyýetçiligine baý maglumatlar çeşmesi boljakdygy nygtaldy.

Dabaranyň dowamynda dana şahyrymyza goýulýan belent hormat-sarpa barada, onuň dünýä edebiýatynda tutýan ägirt orny hakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda ýazylan dürdäne setirler okaldy.

Ýokary çaphana usulynda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşlerde neşir edilen ýygyndynyň beýik akyldaryň ebedilik hormatyna nyşandyr diýip dabaranyň dowamynda çykyş edenler aýtdylar.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: