Seýdiniñ nebiti gaýtadan işleýän zawody önümçilik kuwwatyny artdyrdy
08.01.2025 | 12:23 |«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň agzybir işgärleri milli ykdysadyýetimiziň ösüşine saldamly goşant goşdular. Häzirki buýsançly günlerde önümçilik kärhanalarynyň işgärleri joşgunly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar.
Geçen ýylyň on bir aýynda kärhanada çig malyň 431,4 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnama 109,1 göterim berjaý edildi. Şonuň netijesinde öndürilen jemi önüm 375,7 müň tonna golaý boldy we degişli meýilnama 102,5 göterim berjaý edildi. Bu bolsa gymmatly nebit önümleriniň 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 17,4 müň tonnadan gowrak artyk öndürilendigini görkezýär.
Hasabat döwründe benziniň 219 müň tonna golaýy öndürildi. Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär. Şeýle-de geçen döwürde dizel ýangyjynyň 109,6 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 23,6 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň hem 19 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bu önümleriň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygy sebäpli olary ýerlemekde hem oňyn netijeler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň meselelerine ýakyndan üns berýär we möhüm çözgütleri kabul edýär. Şonuň netijesinde bu kärhananyň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Geçen ýyllarda kärhananyň durkuny düýpli täzelemek boýunça iri möçberli taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça beýan edilen teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle üns-alada kärhananyň işgärleri üçin kadaly iş şertlerini döretmek, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak ýaly möhüm çäreler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Bu babatda kärdeşler arkalaşygy guramasynyň kärhananyň ýolbaşçylygy bilen her ýylda baglaşýan köpçülikleýin şertnamasynda bellenilenleriň doly berjaý edilmegi hem oňyn netijeleri gazanmaga uly ýardam berýär. Gazanylýan uly üstünlikde kärhananyň başarjaň işgärleriniň her biriniň mynasyp paýy bar. Halal we ýokary öndürijilikli zähmet çekip, kärdeşlerine nusgalyk görelde bolýanlaryň hatarynda uly operator Magtymguly Jumagulyýewiň, maşinistler Rustam Seýitnyýazowyň, Çary Ysmaýylowyň, slesar Hasan Rozyýewiň, laborant Saýara Mämetkulyýewanyň, uly hünärmen Roza Ýagşymyradowanyň we beýlekileriň atlary uly hormat bilen agzalýar.
Öňdebaryjy, janypkeş işgärleriň kärhananyň ýolbaşçylygy we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sylagy-da ýetirilýär. Şeýle çemeleşme nebiti gaýtadan işleýjileriň iş depginleriniň barha batlanmagyna itergi berýär.
ORIENT news