Iň täze habarlar

Daşoguzda täze enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi gurlar

28.12.2024 | 20:30 |
 Daşoguzda täze enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi gurlar

Daşoguz şäherinde 400 orunlyk häzirki zaman enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we sagaldyş merkeziniň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Gurmak üçin bäsleşigi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tabşyrygy boýunça ýurduň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan yglan edildi. Bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda neşir edildi.

Bäsleşik barada maglumatlar:

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 2025-nji ýylyň 11-nji fewralyna çenli arzalaryny we tekliplerini tabşyryp bilýärler. Resminamalar ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly, 84 salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär.

Goşmaça maglumatlary almak üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 44-45-55, 44-46-64

ORIENT NEWS

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: