Iň täze habarlar

Türkmenistan: Bagtyýar çagalyk — döwletiň ileri tutýan ugrudyr

05.07.2025 | 13:50 |
 Türkmenistan: Bagtyýar çagalyk — döwletiň ileri tutýan ugrudyr

Türkmenistanda çagalaryň söýgi we mähirlilik gurşawynda ösmegi üçin ähli şertler döredilen. Döwlet olaryň dynç almagy, ýokary hilli bilim almagy, döredijilik ukyplaryny ösdürmegi we giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem-de wepaly raýatlar hökmünde kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri üpjün edýär. Ýaş ösüp gelýän nesliň şeýle hemmetaraplaýyn goldanylmagy ata-enelerde, mugallymlarda we bilim ulgamynyň işgärlerinde aýratyn buýsanç duýgularyny döredýär.

Tomusky dynç alyş döwründe ýurduň ähli künjegindäki bilim edaralary çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmegi üçin dürli çäreleri gurnaýarlar. Şeýle çäreleriň biri hem — 5-nji iýunda, Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni mynasybetli «Gara altyn» çagalar sagaldyş merkezinde gurnalan «Tebigat — biziň öýümiz» atly çäresi boldy. Çäräni Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki M.Geldiýew adyndaky 34-nji orta mekdebiniñ kitaphanaçysy Döndi Durdyýewa tarapyndan merkezde dynç alýan çagalar üçin gurnaldy.

Çäräniň çäklerinde mugallymar bilen türkmen tebigatynyň gözelligi, ony goramagyň möhümdigi we daşky gurşawa zyýan ýetirmeli däldigi barada gürrüňdeşlik geçirildi; tebigatyň gözelligini we daşky gurşawy şöhlelendirýän türkmen halk ertekileriniň esasynda surat bäsleşigi geçirildi, onuň ýeňijilerine höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy; şeýle-de çagalaryň tebigat bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklamagy üçin açyk howada gezelenç guraldy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: