Iň täze habarlar

Türki Döwletleriñ Guramasynyñ Aksakgallar geñeşiniñ başlygyna "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakyldy

11.12.2024 | 17:35 |
 Türki Döwletleriñ Guramasynyñ Aksakgallar geñeşiniñ başlygyna "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakyldy

Türkmenistanyñ Prezidenti Türki Döwletleriñ Guramasynyñ Aksakgallar geñeşiniñ başlygy Binali Ýyldyryma "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp boldy.

Şeÿle hem, Türkmenistanyñ Prezidenti Binali Ýyldyrymy "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" ýubileý medaly bilen sylaglady.

Foto: haber.sakarya.edu

Şeýle hem okaň: