Iň täze habarlar

Türkmen işewürligi Özbegistandaky halkara sergisine çagyrylýar

29.11.2024 | 15:12 |
 Türkmen işewürligi Özbegistandaky halkara sergisine çagyrylýar

Iteca Exhibitions Halkara sergi kompaniýasy Türkmenistanyň dokma, trikotaž we tikin önüm öndürijilerini “TextileExpo Uzbekistan 2025” atly 24-nji Halkara sergisine çagyrýar. Sergi 2025-nji ýylyň 14-16-njy maýy aralygynda Daşkent şäherinde geçiriler diýip, Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.

Bu türkmen öndürijileri üçin Özbegistanyň bazaryna çykyp, öz önümlerini hödürlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Bu waka ähli önümçilik zynjry boýunça – ýüplük önümçiliginden taýýar egin-eşiklere çenli öňdebaryjy dünýä öndürijilerinden dokma işewürligiň we moda senagatynyň gazananlaryny we täzeliklerini açyp görkezmäge mümkinçilik döredýär.

Taslama respublikada senagat önümçiligiň möçberi boýunça ikinji ýerde duran Özbegistanyň dokma we tikinçilik senagaty bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Her ýyl sergä 9000-den gowrak adam baryp, olaryň 90 % - pudagyň hünärmenleri we bilermenleri. Daşary ýurtlara eksporty giňeltmekde ýerli önüdrijilere ýardam etmek maksady bilen serginiň çäklerinde Ýörite Baýer Maksatnamasy amala aşyrylýar. Maksatnamanyň geçirilýän döwründe oňa 35 ýurduň 2000-den gowrak lomaý satyn alyjylary, söwda ulgamlary we dokma önüm öndrijileri gatanaşdy.

ORIENT news

Foto: tstb.gov.tm

Şeýle hem okaň: