Iň täze habarlar

Ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär

10.11.2024 | 03:50 |
 Ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär

Geljek ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň 12-nji mejlisinde aýtdy diýip, GDA-nyň internet portaly habar berdi.

Owgan meselesi barada Şoýgu: “Bu ugurda işjeň we ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Täjigistan-Owganystan serhedini berkitmek üçin ýörüte maksatnama, Bilelikdäki Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklanmaga taýýar. Geljek ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ministrler maslahaty meýilleşdirilýär. Maslahat beriş Moskwa formaty işleýär, nobatdaky mejlisi oktýabr aýynda geçirildi. Owgan meseleleri ŞHG-nyň çägindäki mejlisleriň gün tertibine girizilýär. Şonuň üçin bar bolan mehanizmler işe girizilen” diýip, belledi.

“Talyplar” häkimiýet başyna gelen döwründen bäri olar bilen işleşmegiň mümkindigini we zerurdygyny iş ýüzünde subut etdiler. Öz gezegimizde, olar bilen amaly gatnaşyklary ýola goýýarys we “Talyplary” Russiýanyň gadagan edilen terrorçylyk guramalarynyň sanawyndan çykarmak mümkinçiligini öwrenýäris” – diýip, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary mälim etdi. Onuň pikiriçe, Owganystanyň häkimiýeti sebit hyzmatdaşlygyna çekmek we Kabul bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek möhümdir.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: