Türkmenistan Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy
06.11.2024 | 14:35 |Türkmen işewürleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda Pekinde geçiriljek Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşyp bilerler.
CISCE üpjünçilik zynjyrlaryna ýöriteleşdirilen dünýäniň ilkinji milli sergisidir. Çäräniň esasy üns merkezi “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatlara gönükdirilendir.
Ol “akylly” ulag; öňdebaryjy önümçilik; ýaşyl oba hojalygy; arassa energetika; sanly tehnologiýalar; sagdyn ýaşaýyş durmuşy ýaly esasy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen.
Şu ýyl guramaçylar “Öňdebaryjy önümçilik zynjyrlary” atly täze bölümçäni goşarlar.
Hytaýyň halkara söwda ösüşine ýardam bermek komitetiniň başlygynyň orunbasary Çžan Şaoganyň aýtmagyna görä, sergä 600-dan gowrak hytaý we daşary ýurtly kompaniýalar gatnaşar. Olaryň üçden iki bölegi önümçilik zynjyrlaryna ornaşdyrylan.
CISCE çäresiniň işewür maksatnamasynda “Innowasiýalar we üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek boýunça ählumumy sammiti” hem-de serginiň esasy ugurlaryna bagyşlanan mowzuklaýyn bölümçeler geçiriler. Bu çärelerde halkara guramalarynyň, Hytaýyň hökümet edaralarynyň, hytaý we daşary ýurtly pudaklaýyn guramalarynyň hem-de tanymal kärhanalarynyň wekilleri önümçilik we üpjünçilik zynjyrlarynda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Üpjünçilik zynjyrlary boýunça ilkinji sergi 2023-nji ýylda geçirildi. Çärä 55 ýurtdan 515 kärhanalar we guramalar gatnaşdy.
ORIENT news