Wals? Elbetde, wals! Türkmen milli konserwatoriýasy Sizi çagyrýar
13.10.2024 | 19:37 |18-nji oktýabrda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Güýz wals tansynda aýlanýar” atly konsert geçiriler, oňa ýurdumuzyň tanymal artistleri we entek diňe ussatlaryň we saz söýüjileriň kiçi toparyna mälim bolan ýaş sazandalar gatnaşar.
Wals! Adamzadyň ösüşiniň orta asyr taryhyndan öz gozbaşyny alyp gaýdýan tanslaryň haýsysy häzirki güne çenli öz meşhurlygyny saklap gelýär? Eýýäm öz tans žanryny ýitirip barýan bu tans görnüşi näme bilen özüne çekýär?
Wals sazlaşygynda halk aýdymlar, kä mahallar akademiki sazyň drama eserleri ýaňlanýar, parketde we buzda täsirli çeper we joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär. Wals dürli milletlerden bolan adamlaryň kalplaryny açyp, ony hoşniýetlilikden dolduryp, söýgi bilen nurlandyryp, olary birleşdirýär.
Walsyň taryhy – bu tankytlardan we şol bir wagtyň özünde täsinliklerden doly halkdan ýokary häkimiýete barýan uzak we aňsat bolmadyk ýoldur. Kabul edilen garaýyşlara laýyklykda, walsyň asyl nusgasy XIII asyrda Germaniýada bellige alyndy. Daýhanlar ony öz halk tansynda ulanyp, ol beýleki meşhur köşk tanslaryndan düýbünden tapawutlanýardy.
Halk tansyny lendler diýip atlandyrdylar. Ol çylşyrymly elementler topary bilen tapawutlananokdy, emma biziň bilýän wans tansymyza meňzeşdi. Lendler tegelek boýunça iki-ikiden ýerine ýetirilýärdi. Halkyň arasyndan ol ýokary aristokratik toparlaryna ýetip, wals ady bilen tanaldy. Ilkibaşda, ol biri-birine ýakyn duran aýal bilen erkek adamynyň bilelikdäki tansyň ýerine ýetirilişine garşy bolan klerikallaryň ýiti tankydyna duçar boldy. Emmä ähli kynçylyklary geçip, bu tans görnüşi tutuş dünýäde meşhurlyk gazandy.
Eýýäm XIX asyrda wals ýönekeý durmuş tansyndan akademiki sungatynyň çur depesine ýetirilip, nusgawy balet we opera tanslarynyň ajaýyp žanrlaýyn esasyna öwrüldi (Adanyň “Žizelini”, Çaýkowskiniň baletlerini, Werdiniň we Puççininiň operalaryny ýatlaly). Simfoniki saz hem walsyň deňinden geçmedi. Onda wals bütewi eseriň žanrlaýyn esasy hem-de instrumental tapgyrynyň bir bölegi hökmünde çykyş edýärdi (Şopenyň, Listyň, Bergiň, Haçaturýanyň, Prokofýewiň, Şostakowiçiň eserleri).
“Güýz wals tansynda aýlanýar” atly konsert maksatnamasyna nusgawy kompozitorlaryň hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň häzirki zaman sazynyň, meşhur ariýalarynyň, aýdymlarynyň we tanslarynyň wokal we instrumental eserleri girizildi.
Konserte gatnaşyjylar wals söýüjileri dabara çagyryp, diňleýjileri öz ýerine ýetirilişi bilen ruhy akgöwünlilige we mähirlilige ugrukdyrjakdygyna ynanýarlar.