Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilýär
08.10.2024 | 14:11 |7-9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilip, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gazak kinematografy, saz sungaty we halk däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi bolar. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi habar berýär.
Hususan-da, Medeniýet günleriniň maksatnamasynda “Beýik çölüň galkynmagy” (“Ұлы дала таӊы”) we “Paralimpiýaçy” filmleriniň görkezilişi bolar. Olaryň birinjisi Gazak hanlygynyň galkynyşy barada beýan edýär.
Şeýle-de guramaçylar türkmen diňleýjileri üçin Kurmangazy adyndaky halk insutrumentleriniň “Сарыарқа” Gazak milli orkestriniň konsertini, Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň “Saz&Soul” toparynyň çykyşyny taýýarladylar.
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek Gazagystanyň sungat ussatlarynyň gala-konserti Gazagystanyň Medeniýet günleriniň esasy çäresi bolar. Iki ýurduň Medeniýet ministrleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günlerini jemlär. Gala-konsertde Gazagystanyň halk artisti Ramazan Stamgaziýew, respublikanyň at gazanan işgärleri Alişer Karimow, “Дарын” Döwlet ýaşlar baýragynyň eýesi Rasul Žarmagambetow, Abylaý Tlepbergen, Tanat Sadenow we beýlekiler çykyş ederler.
Şeýle-de 10-njy oktýabrda Aşgabatda Gazagystanyň beýik şahyry Abaý Kunanbaýyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçiriler.
ORIENT news