Iň täze habarlar

Azerbaýjanda zyňyndysyz ýük daşamalar boýunça Jarnamasyna gol çekildi

04.10.2024 | 14:02 |
 Azerbaýjanda zyňyndysyz ýük daşamalar boýunça Jarnamasyna gol çekildi

Bakuda zyňyndysyz ýük daşamalar boýunça Jarnamasyna gol çekildi. Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, resminama Howa boýunça hereketler hepdeliginiň çäginde geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda kabul edildi. Jarnama gol çeken kompaniýalar nol derejeli zyňyndylara ýetmek boýunça maksatlara eýermäge borçlandylar.

Howa boýunça hereketler hepdeligi Bakuda 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan – 4-nji oktýabryna çenli geçirilýär. Bu çäre Bakuda noýabr aýynda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tarapdarlarynyň mejlisiniň (COP-29) öňüsyrasyndaky howa boýunça gün tertibinde möhüm pursat bolar.

Hepdelik syýasat, maliýe, söwda, ylym, medeniýet, raýat jemgyýetçiligi we köçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly dürli pudaklaryň möhüm wekillerini toplady. Hepdeligiň ilkinji günleri (30-njy sentýabr – 2-nji oktýabr) howa bilen baglanyşykly çözgütlere bagyşlanyp, oňa döwlet we hususy edaralarynyň hem-de akademik toparlary gatnaşýar, 3-4-nji oktýabrda bolsa ylym, bilim, sungat we beýleki ugurlara bagyşlandy.

ORIENT news

Foto: awtoulag.gov.tm

Şeýle hem okaň: