Özbegistan 2027 – 2029-njy ýyllarda Goşulmazlyk hereketine ýolbaşçylyk etmegi meýilleşdirýär
25.09.2024 | 01:30 |Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy ýurduň 2027 – 2029-njy ýyllarda Goşulmazlyk hereketine ýolbaşçylyk etmek niýetini mälim etdi.
Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýurt üçin taryhy tapgyry yglan etdi: Özbegistan Goşulmazlyk hereketiniň 20-nji sammitini geçirmegi we 2027-nji ýyldan 2029-njy ýyla çenli Herekete ýolbaşçylyk etmegi meýilleşdirýär. Bu habar 22-23-nji sentýabr aralygynda Nýu-Yorkorkda geçirilen BMG-nyň geljekki sammitiniň çäginde geçirilen guramanyň ministrler derejesindäki duşuşygynyň netijelerinden soň mälim edildi diýip, “Podrobno.uz” habar berýär.
Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy esasy ünsi energiýa howpsuzlygy, durnukly ösüş we ählumumy söwda ulgamlaryny güýçlendirmek ýaly esasy ileri tutulýan ugurlara gönükdirjekdigini aýtdy.
“Biz parahatçylygy berkitmäge, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge we geljekki nesli bilim arkaly goldamaga çalyşýarys. Bilelikde döwrümiziň çagyryşlaryny ýeňip geçip, Ählumumy Günortanyň sesini güýçlendirip bileris” –diýip Bahtiýor Saidow nygtaty.
Şeýle hem, 2024-2026-njy ýyllarda täze bellenen başlyk hökmünde Ugandanyň gürrüňsiz goldawy barada aýtdy we ozalky başlyklygy üçin Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi.
Goşulmazlyk hereketi, daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde harby-syýasy bloglara we guramalara gatnaşmaýandygyny yglan eden 120 gatnaşyjy döwleti birleşdirýän şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürýän iň uly halkara gurluşlaryň biridir.
ORIENT news