Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky türkmen işewürleriniň wekilleri üçin işgärleri dolandyrmak endiklerini ýokarlandyrmak üçin okuw geçirer
24.09.2024 | 12:24 |Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky Türkmenistanyň sebitlerinden gelen telekeçileri “Türkmenistanyň sebitlerindäki hususy kompaniýalar üçin işgärleri dolandyrmak endiklerini ýokarlandyrmak” atly okuwyna gatnaşmaga çagyrýar.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu okuwy “Maslahatly çözgüt” kompaniýasynyň hünärmenleri alyp bararlar. Olar işgärleri dolandyrmak üçin täsirli gurallary tapmak üçin bilimlerini we tejribelerini paýlaşarlar.
Gatnaşýanlar işgärleri netijeli dolandyrmak we HR-işiniň strategiki amallaryny ösdürmek üçin zerur başarnyklary we bilimleri özleşdirerler. Bu okuw, işe almak, höweslendirmek we karýerany dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly işgärleriň netijeliligini we ygrarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion HR-strategiýalaryny hödürlär.
Işgärleri dolandyrmak ugrundaky başarnykly syýasat, işgäriň mümkinçiligi kadalaşdyrýär we giňeldýär. Dolandyryş ulgamy kompaniýanyň umumy maksatlaryna laýyk gelmelidir we şol bir wagtyň özünde işgärleriň isleglerine ters gelmeli däldir. Amatly iş şertleri bilen guramanyň täjirçilik gyzyklanmalarynyň arasynda deňagramlylyk zerurdyr.
Okuwlar aşakdaky senelerde geçiriler:
Mary şäherinde – 14-nji oktýabr Balkanabat şäherinde – 21-nji oktýabr Daşoguz şäherinde – 24-nji oktýabr Türkmenabat şäherinde – 28-nji oktýabr
Tejribeli geňeşçi siziň kompaniýaňyza HR-aňyklaýyşyny geçirer we HR-tejribesini gowulandyrmak we işgärleri dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipler berer.
Gatnaşmak üçin hökmany 2-nji oktýabra çenli doldurmaly degişli baglanyşyk formasyny we soraglara jogap bermeli.
Okuwlara gatnaşmak mugt.
ORIENT news