Iň täze habarlar

Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktorynyň Türkmenistana sapary

18.09.2024 | 12:10 |
 Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktorynyň Türkmenistana sapary

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bilen düýn iş sapary bilen Türkmenistana gelen Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory Ewren Rutbiliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda giň tejribe alyşmak we bilermenleriň geljegi uly bolan kararlaryny ösdürmek we taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek, dikeltmek, gorap saklamak we ýaýratmak boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen MAÖHI arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar, şeýle hem, “Ýüpek ýollaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek işine goldaw” (III tapgyr) atly ÝUNESKO bilen Ýaponiýa Ynam Gaznasynyň (JFit) bilelikdäki taslamasynyň halkara bilermenleriň we milli utgaşdyryjylarynyň ýakyn wagtda, şu ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda “Ýüpek ýoly: Wolga-Hazar geçelgesi” köptaraplaýyn transmilli hödürnamasy bilen baglanyşykly geçiriljek sebitara maslahatynyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sözüniň ahyrynda Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň hyzmatdaşlyga we goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.


Saparyň çäginde düýn Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory bilen Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammet Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar medeni miras ýädigärliklerini gorap saklamak barada pikir alyşdylar, şeýle hem arheologiki gazuw-agtaryş işleri we taryhy bilimleriň ýaýramagynda ýadygärlikleriň we desgalaryň ulanylyşy barada tejribe alyşdylar. MAÖHI direktorynyň Türkmenistana iş sapary dowam edýär.

Merkezi Aziýany öwreniş halkara instituty 1995-nji ýylda Samarkandda (Özbegistan) ÝUNESKO-nyň Ýüpek ýoly boýunça uly göwrümli taslamasynyň işiniň netijesinde döredildi. Institut Merkezi Aziýa sebitini hemmetaraplaýyn öwrenmek we halkara ylmy hyzmatdaşlygy gurmak bilen meşgullanýar MAÖHI-na eýýäm 12 döwlet agza boldy: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Gyrgyzystan, Päkistan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Mongoliýa we Russiýa Federasiýasy.

MAÖHI-niň wezipesi, sebitiň dersara gözlegleri üçin dürli ýurtlaryň alymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, bu ugurlar birnäçe ugurlary öz içine alar: maddy we maddy däl medeni miras, daşky gurşaw, arheologiýa, taryh, sungat taryhy, dinleriň taryhy, ylymlaryň taryhy , etnografiýa, taryhy geografiýa, ýazuw we dilden ýazylan edebiýat, jemgyýetçilik ylymlary we beýleki ugurlar.

Institut dürli edalara bilen, şol sanda iri uniwersitetler, guramalar we medeni miras meselelerinde ýöriteleşen gözleg merkezleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Konstruktiw gepleşik, bilelikdäki amaly başlangyçlar we gözleg işleri üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

ORIENT news

Foto: grants.unesco-iicas.org

Şeýle hem okaň: