Nigeriýa hyzmatdaş-ýurt hökmünde BRICS-e goşulýar
19.01.2025 | 11:20 |Braziliýanyň Daşary işler ministrligi özüniň BRICS-e başlyklyk etmeginiň çäginde, Nigeriýanyň bu topara hyzmatdaş hökmünde goşulýandygyny mälim etdi.
2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda gullugyň çap eden beýatyna görä Nigeriýanyň bu topara resmi taýdan goşulandygy habar berildi.
Braziliýanyň resmi adamlary BRICS bilen Nigeriýanyň şol sanda ählumumy Günortadaky ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we halkara guramalarynda özgertmeleri goldamak ýaly umumy maksatlaryň bardygyny aýtdylar.
ORIENT news