Iň täze habarlar

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

19.01.2025 | 11:05 |
 Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

17-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” agentligi (Beýik Britaniýa ) bilen geçiren işleri habar berip, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň we bu ugurda halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Taýýarlanylan teklibi goldap, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Foto: business.com.tm

Şeýle hem okaň: