Iň täze habarlar

Türkmenistanda işewürlikde durnukly ösüş ýörelgelerini girizmek boýunça okuw maslahaty geçiriler

19.09.2024 | 11:27 |
 Türkmenistanda işewürlikde durnukly ösüş ýörelgelerini girizmek boýunça okuw maslahaty geçiriler

1-nji oktýabrda Türkmenistandaky Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen ýörelgeleri öňe sürmek boýunça okuw maslahatyny geçirer (ESG-Environment, Social and governance/ Daşky gurşaw, durmuş syýasaty we korporatiw dolandyryş).

ESG ýörelgeleri – bu daşky gurşawy goramak, amatly durmuş şertleri döretmek, işgärlere we müşderilere adalatly çemeleşmek we zerur korporatiw dolandyryşy esasynda kompaniýanyň alyp barýan işleriniň ýörelgeleridir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurtdaky azyk we sarp ediş önümlerini öndürijiler hem gatnaşmaga çagyrylýar.

Okuw maslahaty gatnaşyjylary ýokardaky ýörelgeleriň işewürlige täsiri, dürli pudaklarda ESG-ni üstünlikli durmuşa geçirmegiň mysallary bilen tanyşdyrar.

Bilermenler daşky gurşaw, durmuş we korporatiw ülňüleri birleşdirmek boýunça amaly maslahat bererler.

Bu okuw maslahaty ESG/azyk pudagy boýunça halkara bilermen Jeýn Rigler-Feýrklot, şeýle hem ÝTÖB-nyň halkara bilermenleri bilen taslama utgaşdyryjysy ýolbaşçylyk eder. Gatnaşýanlar bilermenlere sorag bermäge mümkinçilik alarlar.

Gyzyklanma bildirýänler goşulan görnüş doldurmaly we 24-nji sentýabra çenli ovezovat@ebrd.com salgysyna ibermeli.

Okuw maslahaty tölegsiz esasda geçirilýär.

Häzirki zaman görnüşinde ESG ýörelgeleri ilki BMG-nyň öňki baş sekretary Kofi Annan tarapyndan düzüldi. Ol uly göwrümli ählumumy kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny bu ýörelgeleri, ilkinji nobatda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek strategiýalaryna goşmaga çagyrdy.

Konsepsiýa islendik ugurda we pudakda ulanylýar. ESG ýörelgeleriniň maksady durnukly ösüşi gazanmak, kompaniýanyň netijelerini gowulandyrmak we jemgyýete we daşky gurşawa oňyn täsir etmekdir.

ORIENT news

Foto: biznes-repetitor.ru

Şeýle hem okaň: