Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda ýeňil senagaty, nebithimiýa we gurluşyk önümleri ýokary islege eýe boldy

23.07.2024 | 11:48 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda ýeňil senagaty, nebithimiýa we gurluşyk önümleri ýokary islege eýe boldy

Duşenbe güni, 22-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýeňil senagaty, nebithimiýa we gurluşyk önümleri ýokary islege eýe boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet Konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Ukrainaly hem-de Gyrgyzystanly işewürler topary türkmen telekeçilerinden düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz aýnany satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 995 000 manada hem-de 4 168 700 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: