Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “Türkmenhimiýa” DK önümine uly isleg bildirildi

19.07.2024 | 11:04 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “Türkmenhimiýa” DK önümine uly isleg bildirildi

Penşenbe güni, 18-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “Türkmenhimiýa” DK önümine uly isleg bildirildi.

Türkiýaden we Owganystandan gelen telekeçiler “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 368 000 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: