Tokaýew ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejeli gepleşikler barada Türkmenistandaky ilçisine görkezme berdi
09.07.2024 | 22:02 |9-njy iýulda, şişenbe güni, Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigini aýtdy.
Gazagystanyň Baştutany Nurlan Nogaýewiň öňünde energetika, ulag-üstaşyr, söwda we medeni hem-de ynsanperwer ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe wezipeleri goýdy.
Kasym-Žomart Tokaýew ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejede geçiriljek gepleşikleri hil taýdan many-mazmun bilen doldurmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy diýip, Akorda habar berýär.
Nurlan Nogaýew Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Permany bilen 20-nji iýunda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.
Bir gün öň, 8-nji iýulda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Astanada strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news