Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Pakistan Türkmenistandan karbamidi import etmegi maksat edinýär

21.06.2024|21:15|
1159
pakistan-turkmenistandan-karbamidi-import-etmegi-maksat-edinyar
Surat çeşmesi: flagma-tm.com

Pakistan ösýän ýerli talaby kanagatlandyrmak üçin hökümetara ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistandan 200 000 tonna karbamidi import etmek boýunça gepleşiklere başlady diýip, Pakistanyň The News gazeti habar berýär.

Bu başlangyç oba hojalygy pudagy üçin zerur bolan dökün bilen durnukly üpjün etmek boýunça Pakistanyň strategiýasynyň bir bölegidir hem-de ýerli oba hojalygyny bu möhüm dökün bilen yzygiderli üpjün etmäge gönükdirilendir.

Senagat we önümçilik federal ministri Ran Tanwir Husseýniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejedäki wekiliýetiň 24-26-njy iýun aralygynda ikitaraplaýyn söwdanyň we maýa goýumyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Türkmenistana sapary boljakdygy ozal habar berilýär. The News çeşmesiniň habaryna görä, bu saparyň dowamynda karbamidi import etmek boýunça G2G (döwlet edaralarynyň arasynda) ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar.

ORIENT news