Türkmenistanyň Prezidenti Patyşa Karl III-i Resmi doglan güni mynasybetli gutlady
17.06.2024 | 03:45 |Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Onuň Alyjenaby Karl III Resmi ýaş toýy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga üýtgewsiz taýýardygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Onuň Alyjenaby Karl III-e tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Britaniýanyň Patyşalary däp bolşy ýaly, öz doglan günlerini iki gezek belleýärler. Resmi doglan günler tomsuna iýun aýynyň birinji, ikinji ýa-da üçünji şenbe güni bellenilýär. Şol gün “Baýdagy çykarmak” dabarasy geçirilýär.
Londonyň merkezinde oňa müňlerçe adam tomaşa edýär. Baýramçylyk dabaraly harby ýöriş hem-de salýut bilen utgaşýar. Özüniň hakyky doglan gününi Patyşa Karl III 14-nji noýabrda belleýär.
ORIENT news